Biz hakda

COVID19 Hasabat dürli ýurtlardaky türkmen meýletinçileri tarapyndan döredilen proýekt bolup, hiç bir gurama degişli däldir. Bu ýerde ähli maglumat köpçülikden ýygnalýar.

covid19tm.com açyk çeşmeli websaýt bolup, Türkmenistanda COVID-19 bilen baglanyşykly güman edilýän ölümleriň hasabyny ýöretmek üçin döredildi. Saýtdaky ähli maglumat köpçülige elýeterdir. Emma biz mediýanyň, jemgyýetçilik toparlarynyň, saglyk professionallarynyň, we özbaşdak şahslaryň bu maglumatlardan çykarýan manylary we netijeleri üçin jogapkärçilik çekmeýäris.